Harby uçarlar PKK-nyň ýerlerine howa hüjümi gurady

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri ýurduň içinde we demirgazyk Yrakda PKK-nyň ýerlerine garşy giň-gerimli howa hüjümi guraýar

490671
Harby uçarlar PKK-nyň ýerlerine howa hüjümi gurady

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Awaşin, Basýan, Çukurja, Zap, Harkuk, Gara, Metina, Kandil, Sinath, Haftanin we Gewanakurki sebitlerine garşy guran 9 aýry howa operasiýasynda guramanyň gaçypatalgalary, ok-däri we ýarag ammarlary bolmak bilen jemi 98 ýere howa hüjümi gurady.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanatda ýurduň içindäki we daşary ýurtdaky howa operasiýalarynyň dowam etdirilýändigi habar berildi.

Beýleki tarapdan Halapyň demirgazygyndaky terror guramasy DAEŞ-iň ýerleri gaubisalar tarapyndan nyşana alyndy.

Hyzmatdaş güýçleriniň howa hüjümleri netijesinde Dudiýan, Jakka, Jariz, Baragidah, Kafrah, Kara köpri we Ýahmul sebitlerinde jemi DAEŞ-e agza 45 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Howa operasiýalarynda şeýle hem guramanyň 5 goranyş liniýasy ýok edildi.



Degişli Habarlar