Mardinde üç esger şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda dowam edýän operasiýada 3 esger şehit boldy

481754
Mardinde üç esger şehit boldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Içeri işler müdürligi tarapyndan geçirilýän operasiýada PKK-ly terrorçylar tarapyndan goýulan elde ýasalan partlaýjy madda Nusaýbiniň Çag köçesinde ýaryldy. Wakada 3 esger şehit boldy, 14 esger ýaralandy. Ýaralanan esgerler hassahana alynyp gidildi.

Nusaýbin etrabynda terror guramasynyň agzalaryna garşy operasiýalar dowam edýär.

Beýleki tarapdan bolsa Siriýadan atylan roketa Kilis şäheriniň Jumhuriýet köçesindäki ulag duralgalarynyň birine düşdi.

Partlamada ulag duralgasyna we golaýdaky binalara zeper ýetdi. Sebitde howpsyzlyk çärelerini gören polisiýa işgärleri, derňew işlerini geçirmäge başlady.

Bu wakadan 10 minut soň ýaňadandan Siriýadan atylan roketa indi bolsa Kilisiň Beşewler etrapçasyndaky öýleriň birine düşdi. Wakada 2 adam ýaralandy. Ýaralanan adamlar Kilisiň döwlet hassahanasyna alynyp gidildi.

Öýlän hem Siriýa serhedinden Kilise roketa atyldy.

Roketa Kilis şäheriniň Kazym Karabekir trapçasyndaky öýleriň birine düşdi.

Soňky roketaly hüjmde hem ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi.

Howpsyzlyk güýçleri göni garşylyk görkezip, roketalaryň atylan ýerine artykmajy bilen od açdylar.

Operasiýalaryň barşynda DAEŞ-e agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar