Mardinde we Şyrnakda 4 esger we 1 polis şehit boldy

Türkiýäniň Mardin we Şyrnak welaýatlarynda PKK-ly terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 4 esger bilen 1 polis şehit boldy, 2 esger we 6 polis ýaralandy

471931
Mardinde we Şyrnakda 4 esger we 1 polis şehit boldy

Mardin welaýatynyň Sawur etrabynda harby ulagyň geçýän wagty ýola ýerleşdirilen elde ýasalan partlaýjynyň partladylmagy netijesinde 4 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleri sebitde giň-gerimli operasiýa başlatdy.

Şyrnakda PKK-ly terrorçylara garşy dowam edýän operasiýada 1 polis işgäri şehit boldy, 6 polis ýaralandy.

Ýaralanan polis işgärleri Şyrnak harby hassahanasyna we Şyrnak döwlet hassahanasyna alynyp gidildi.



Degişli Habarlar