Ýene-de alty terrorçy boýun egdi

PKK terrorçylar howpsyzlyk güýçlerine boýun egmegä dowam edýär

471411
Ýene-de alty terrorçy boýun egdi

Terror guramasy PKK-nyň Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynyň Güngör etrapçasynyň jogapkär ýolbaşçysy 6 terrorçy bilen bilelikde howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Güngör etrapçasynyň ýolbaşçysy bolan terrorçy terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Jemil Baýyk tarapyndan saýlanandygy we Ýüksekowa iberilendigi bellenýär.

Ýüksekowada dowam edýän operasiýada gabaw astyna alynan terrorçylar agyr ýitgilere sezewar bolýar.

Beýleki tarapdan bolsa howpsyzlyk güýçleri terror guramasy PKK-nyň adyndan iş alyp barandygy anyklanan adamlara garşy ýurduň Bingöl, Stambul, Kojaeli, Antalýa we Malatýa welaýatlarynda operasiýa gurady.

Geçirilen operasiýalarda 10 adam göz tussaglygyna alyndy.

Prokuraturadaky işlerinden soň kazyýete ugradylan 10 adamyň 5-si tussag edildi.

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabyndaky operasiýanyň 70 göterimi tamam boldy. Operasiýada ýene-de 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, köp mukdarda elde ýasalan partlaýjy madda ele salyndy.



Degişli Habarlar