“Maksat Yslam äleminiň geljege umyt bilen garamagy”

Prezident R.T.Erdogan maksatlarynyň yslam äleminiň geljege umyt bilen garamagyny üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdy

471326
“Maksat Yslam äleminiň geljege umyt bilen garamagy”

Prezident Erdogan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 13-nji maslahatyna gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryna Dolmabahçe köşkünde agşam naharyny berdi.

Erdogan naharda sözlän sözünde myhmanlara maslahata gatnaşýandyklary üçin sagbolsun aýtdy we “Adalat we parahatçylyk üçin jebislik we arkalaşyk" temasy bilen geçirilýän maslahatda kabul edilen kararlaryň yslam älemine düşümli bolmagyny arzuw etdi.

Prezident Erdogan maslahatdan garaşýan esasy tamalarynyň dünýädäki musulmanlara, musulman ýurtlarynyň agzybir we jebisdigini görkezmekdigini aýtdy.

Ähli musulman dünýäsinin geljege umyt bilen garamagyny üpjün etmek isleýandiklerini nygtan Erdogan: “Enşalla bu maslahat ählimiz üçin täze döwrüň başlangyjy bolar. Bu maslahat bilen akýan gany we göz ýaşyny kem-käs hem bolsa azaltmak niýetimiz bar" diýdi.

Musulman ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen ýola çykandyklaryny gürrüň beren Prezident Erdogan, tapawutlyklarymyzy däl, umumy taraplaryň ileri tutulmalydygyny nygtady.

Erdogan: “Öňümizde uly meseleler bar. Agyr kynçylyklara garşy göreşýäris, çarkandakly we çykgynsyz döwürden geçýäris. Emma hiç haçan umydymyzy ýitirmäliň. Biz, musulmanlaryň düşünjesinde umytsyzlyga asla ýer bolmaz" diýdi.

“BMG-den soňky esasy halkara guramasy bolan YHG-na agza ýurtlaryň arkalaşygy bizi has ýagty geljege ýetirer" diýen Erdogan, şonuň üçin ähli ugurda işleşip, arkalaşyp, doganlygy berkitmelidigini aýtdy.


Degişli Habarlar