Mardinde, Şyrnakda we Hakkaride dört esger şehit boldy

Operasiýalarda şeýle hem 7 esger ýaralandy

470273
Mardinde, Şyrnakda we Hakkaride dört esger şehit boldy

Operasiýalarda şeýle hem 7 esger ýaralandyTürkiýäniň Mardin, Şyrnak we Hakkari welaýatlarynda aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýalarda 4 esger şehit boldy, 7 esger ýaralandy.

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabyndaky operasiýalarda 2 esger şehit boldy.

Şyrnak welaýatynyň merkezinde dowam edýän operasiýalarda bolsa ýaralanan 4 esgeriň 1-i hassahanada şehit boldy.

Hakkari welaýatynyň Daglyja etrabynda aýralykçy terror guramasyna garşy geçirilýän operasiýada leýtenant çinli 1 ofiser şehit boldy, 4 esger ýaralandy.

Beýleki tarapdan Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda 4 gün ozal terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýada ýaralanan esger bejergi alýan Gülhana harby lukmançylyk akademiýasynda şehit boldy.

Beýleki tarapdan bolsa howpsyzlyk güýçleri terror guramasy PKK-a agyr zarbalar urmagyny dowam etdirýär.

Operasiýanyň çäginde Mardin we Şyrnak welaýatlarynda 13 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Mardiniň Nusaýbin etrabynda 6 terrorçynyň, Şyrnakda bolsa 7 terrorçynyň öldürilendigi aýdylýar.

Bundan başgada Şyrnak we Batman welaýatlarynda 4 terrorçy, Gaziantep welaýatynda bolsa 8 terrorçy göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar