Erdogan “Şahsy maglumatlaryň goralmagy” baradaky kanuny tassyklady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan “Şahsy maglumatlaryň goralmagy" baradaky kanuny tassyklady

466213
Erdogan “Şahsy maglumatlaryň goralmagy” baradaky kanuny tassyklady

Kanuna görä şahsy maglumatlar tertibe we düzgün-kadalara görä doldurylar.

Maglumatlar şahsyýetň öz razyçylygy bolmasa doldurylmaz.

Adamlaryň jynsy, etniki gelip çykyşy, dini, messebi, saglygy we jynsy durmuşy ýaly maglumatlar şahsy maglumatlar diýip kabul ediler.

Täze konstitutsiýa bilen Şahsy maglumatlary goramak geňeşi hem dörediler.

Geňeş Türkiýä ýa-da belli bir şahsyýete zeper ýeten halatynda işe girişer.

Ähli adamlar özi bilen baglanşykly şahsy maglumatlaryň doldurylyp-doldurylmadygyny görüp bilerler.

Adamlar maglumatlaryň doly däl ýa-da ýalňyş doldurylan halatynda olaryň düzeldilmegini ýa-da aýrylmagyny isläp bilerler.

Şahsy maglumatlary bozmaýanlara we wezipelerini ýerine ýetirmeýänlere jeza beriler.

Ol adamlar 1 ýylda 2 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler.

1 million lira çenli pul jerimesi hem salynyp biliner.



Degişli Habarlar