Prezident Erdogan ABŞ-na gitdi

Erdogan Amerika gitmezinden ozal metbugata beýanat berdi

460750
Prezident Erdogan ABŞ-na gitdi

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň çakylygyna laýyklykda Waşingtonda geçiriljek Ýadro howpsyzlyk maslahatyna gatnaşjakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Amerika gitmezinden ozal Atatürk howa menzilinde metbugata beýanat berdi.

Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşiň başda durmagynda ähli taraplaýyn ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny belledi.

Prezident R. T. Erdogan “Şol maslahatda esasan hem Parižde, Ankarada, Stambulda, Brýusselde we Lahorda guralan terrorçylykly hüjümlere garşy terrora garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýetini nygtarys" diýdi.

Prezident Erdogan maslahata gatnaşýan liderler bilen özara duşuşyklar geçirer we işewür adamlaryna ýüzlenip çykyş eder.



Degişli Habarlar