Mardinde2 esger şehit boldy

Partlamada 5 esger hem ýaralandy.

459494
Mardinde2 esger şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda terrorçylaryň hüjüm guramagy sebäpli 2 esger şehit boldy.

Howpsyzlyk güýçleriniň guraýan operasiýalarynyň çäginde terrorçylar tarapyndan goýlan partlaýjy maddalar ýaryldy.

Partlamada 5 esger hem ýaralandy.

Welaýatda operasiýalar dowam edýär.

Adananyň Seýhan etrabynda hem terror guramasynyň tarapdarlarynyň atan partlaýjy maddasy sebäpli 1 kömekçi komisar ýaralandy.

Elleri we ýüzü ýanan kömekçi komisar hassahanada bejergi alýar.

Beýleki tarapdan howpsyzlyk güýçleri aýralykçy terror guramasyna garşy guraýan operasiýalary güýçli depginde dowam edýär.

Gaziantepde terror guramasy DEAŞ-a agza siriýaly 4 terrorçy bilen bombaly hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän PKK-ly 2 terrorçy tussag edildi.

Kahramanmaşarda hem terror guramasy DEAŞ-a garşy guralan operasiýada göz tussaglygyna alynan eýranly 3 adam tussag edildi.



Degişli Habarlar