Nusaýbin etrabynda 1 esger şehit boldy

Partlaýjy maddalarynyň ýarylmagy sebäpli 4 esger hem ýaralandy

457525
Nusaýbin etrabynda 1 esger şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda terror guramasy PKK-a garşy guralýan operasiýalarda 1 esger şehit boldy.

Aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň goýan partlaýjy maddalarynyň ýarylmagy sebäpli 4 esger hem ýaralandy.

Etrapda 14-nji martda köçä çykmak gadagançylygynyň yglan edilmeginden soň başladylan operasiýalar yzygiderli dowam edýär.

Beýleki tarapdan terrorçylar Batmanda bir mekdebe hüjüm gurady.

Hüjümde mekdebiň aýnalary we gapylary döwrüldi.

Hüjümden soň howpsyzlyk güýçleri operasiýa başlatdy.



Degişli Habarlar