Mardin welaýatynda 2 howpsyzlyk işgäri şehit boldy

Terrorçylaryň goýan partlaýjy maddalarynyň ýarylmagy sebäpli 3 esger ýaralandy

454178
Mardin welaýatynda 2 howpsyzlyk işgäri şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda guralan operasiýada 2 howpsyzlyk işgäri şehit boldy.

Fyrat mähellesinde guralan operasiýada howpsyzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşykda ýaralanan polis gullukçysy hassahanada bejergi astyna alyndy.

Emma ýagdaýy agyr bolan polis gullukçysy halas edilip bilinmedi.

Etrapda terrorçylaryň goýan partlaýjy maddalarynyň ýarylmagy sebäpli hem 1 esger şehit boldy, 3 esger ýaralandy.

Terrorçylaryň tussag edilmegi, gazylan çukurlaryň ýapylmagy we barrikadalaryň aýrylmagy üçin etrapda başladylan operasiýalar dowam edýär.



Degişli Habarlar