Ankaradaky hüjüm bilen baglanşykly soňky maglumatlar

Ankaralylar wakanyň bolan ýerine gül-desselerini goýýarlar

451247
Ankaradaky hüjüm bilen baglanşykly soňky maglumatlar

Türkiýäniň paýtagty Ankarada ýekşenbe güni guralan terrorçylykly hüjümde ýaralanan 35 adamyň bejergileri 11 aýry hassahanada dowam edýär.

Ýaralananlaryň 11-si entegem reanimasiýada.

Hüjümde ýogalan adamlaryň şahsyýetleriniň anyklanmagy bolsa tamamlandy.

Ýogalan 35 adamyň jynazasy maşgalalaryna gowşuryldy.

Terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň jaýlanmagy şu gün hem dowam etdi.

Wakada ýogalan adamlaryň arasynda hüjümi guran 2 terrorçy hem bar.

Ol terrorçylaryň jesetlerindäki DNK barlaglary dowam edýär.

Waka bilen baglanşykly derňew işi hem giň-gerimli dowam etdirilýär.

Derňew işini alyp barýan 12 prokuror hüjümiň jikme-jikligini ýüze çykarmak üçin iş alyp barýar.

Häzirki wagta çeni tussag edilen 11 adamyň Ankaranyň Içeri işler müdürligindäki sorag-jogaplary dowam edýär.

Beýleki tarapdan bolsa hüjümiň guralan ýeri bolan Kyzylaýda ýapylan ýollar açylmaga başlandy.

Partlama bolan ýere ýagny Atatürk köçesine asfalt ýazyldy.

Ankaralylar wakanyň bolan ýerine gül-desselerini goýýarlar.



Degişli Habarlar