Erdogan: “Türkiýäniň öňüne hiç kim böwet bolup bilmez”

Prezident R.T. Erdogan 14-nji martda Lukmançylyk baýramy mynasybetli geçirilen ýygnakda düýn paýtagt Ankarada guralan terrorçylykly hüjüm barada söz sözledi

450782
Erdogan: “Türkiýäniň öňüne hiç kim böwet bolup bilmez”

Prezident R.T. Erdogan ýurduň öz içinde we daşary ýurtlarda Türkiýe bilen hasaplaşylýandygyny pikir edýänleriň hakyky hasabyň özlerinden soraljakdygyny nygtady.

Erdogan: “Türkiýäniň öňünde hiç kim böwet bolup bilmez. Terroryň hötdesinden geljekdigimize ynanýaryn" diýdi.

Prezident R.T. Erdogan 14-nji martda Lukmançylyk baýramy mynasybetli geçirilen ýygnakda düýn paýtagt Ankarada guralan terrorçylykly hüjüm barada söz sözledi.

Ankaranyň Kyzylaý etrapçasynyň ýönekeý bir ýer däldigini, simwoliki bir merkez ýagdaýdadygyny bellän Erdogan hüjümlerde ýörite ýerleriň nyşana alynýandygyny mälim etdi.

Erdogan: “Kyzylaýdaky hüjüm belli bir gatlagy nyşana alynyp guralmady, hüjüm gönüden-göni jemgyýete garşy guraldy. Bu bolsa terror guramasynyň hakyky ýüzüni görkezen bir hadysa boldy" diýdi.

Prezident Erdogan bir millete garşy söweş yglan edip üstün çykan terror guramasynyň häzirki wagta çenli bolmandygyny aýdyp, Türkiýäniň öňüne hiç kimiň böwet bolup bilmejekdigini habar berdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #terror , #Ankara , #Kyzylaý

Degişli Habarlar