Konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanyş etabyna goldaw bereris

Syýasy partiýalar konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanyş etabynda içginlikde ýer almaly

441982
Konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanyş etabyna goldaw bereris

Wise-premýer Numan Kurtulmuş hökümet hökmünde ähli syýasy partiýalaryň konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanyş etabynda içginlikde ýer almaklaryna garaşýandyklaryny aýtdy.

Numan Kurtulmuş düýn Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisi dowam edýärkä metbugata beýanat berdi.

Wise-premýer Kurtulmuş häkimiýetiň başyndaky Adalat we ösüş partiýasynyň konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanyş etabyna doly goldaw berjekdigini aýtdy.

Kurtulmuş “Konstitutsiýanyň täze teksti meselesinde ylalaşyk gazanylman halatynda onda biz öz garaýyşlarymyzy Mejlise hödürlemek üçin işe girişeris" diýdi.

Numan Kurtulmuş “konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanyş etabyna 330 halk deputaty goldaw beren halatynda ähli halk sese goýulşygy geçirlip bilner"diýip belledi.



Degişli Habarlar