Dawutogly ýurda garşy ssenarilere ýol bermejekdiklerini aýtdy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Türkiýäniň garşy oýnalýan oýuna göz ýetirýändiklerini we ýuduny nyşana alýan haýsydyr bir ssenara ýol bermejekdillerini nygtady

441989
Dawutogly ýurda garşy ssenarilere ýol bermejekdiklerini aýtdy

Dawutogly “Täze Türkiýe Ýolunda" atly çykyşynda Siriýanyň başda durmagynda terrorçylygar garşy göreş we konstitutsiýanyň täze tekstiniň ýazylmagy bilen baglylykda alynyp barylýan işler barada durup geçdi.

Dawutogly Siriýadaky ýagdaýa ünsi çekip: “Russiýa, hökümet, PKK we PÝD egin-egine berip, Türkiýäniň günorta serhedinde terror guşagyny, terror toryny döretmek isleýär" diýdi.

Siriýa meselesinde halkara jemgyýetçiligine duýduryş beren Dawutogly: “Halkara jemgyýetçiliginiň, Amerikanyň we Russiýanyň hökümetleri indi içgin çemeleşmeli. Şol dartgynlykdan pursat tapyp sebitde pozisiýalaryny güýçlendirmäge synanşýan we gynansagam käbir döwletlerden goldaw tapýan terror guramalarynyň hem öňi alynmaly" diýdi.

Türkiýä garşy ssenarileriň iş ýüzüne geçirilmegine ýol bermejekdiklerini nygtan Dawutogly: “Ýurduň milli howpsyzlygy ähli bähbitlerden, deňagramlyklardan, hyzmatdaşlyklardan ýokarda durýar. Bu meselede hiç kimden rugsat almajakdygymyzy hemmeler bilmelidir" diýdi.

Konstitutsiýanyň täze tekstiniň ýazylmagy bilen bagly işler barada-da durup geçen Dawutogly: “Mejlisdäki partiýalar jogapkärçilikden gaça durup bilmez, durmaly däldir. Syýasat iki taraply gepleşiklere, geňeşmelere esaslanýan kär, syýasat bu sepgitde öz üstüne düşýän hoş niýetli, pozitiw çemeleşmäni görkezmeli" diýdi.


Degişli Habarlar