Dawutogly Haşim Taçini täze wezipesi bilen gutlady

Dawutogly Türkiýäniň Kosowanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edendigini nygtady

441273
Dawutogly Haşim Taçini täze wezipesi bilen gutlady


Premýer ministr Ahmet Dawutogly Kosowanyň täze prezidenti Haşim Taça telefon edip täze wezipesi bilen gutlady.

Ahmet Dawutogly Türkiýäniň Kosowanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edendigini nygtady.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Türkiýäniň garaşsyz Kosowa ähli taraplaýyn goldaw berýändigini we goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Dawutogly Türkiýe hökmünde Kosowanyň Ýewropa we Ýewropa-Atlantika guramalaryna agzalyk etabyna, Kosowanyň dünýaniň iň güýçli we abraýly ýurtlaryndan biri bolmak üçin edýän tagallalaryna uly ähmiýet berýändiklerini belledi.

Kosowanyň Prezidentligine saýlanan Haşim Taçi hem Premýer ministrler Dawutoglyna gutlag sözleri üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Taçi Türkiýäniň Kosowa berýän goldawleri üçin Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna we türk halkyna öz minnetdarlygyny bildirdi.



Degişli Habarlar