“Hüjümler Türkiýäniň sabyryna zor salýar”

Ankarada guralan hüjümden soň beýanat beren Prezident Erdogan, hüjümleriň Türkiýäniň sabyryna zor salýandygyny aýtdy

434776
“Hüjümler Türkiýäniň sabyryna zor salýar”

Pida bolanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildiren, ýaralananlara şypa dilän Prezident Erdogan: “Türkiýäniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşinde çekýän ýitgisiniň agyrlaşmagy sabrymyza zor salýar. Jebisligimize, agzybirligimize, geljegimize garşy daşardan we içerden guralýan hüjümlere essesi bilen garşylyk görkezmek baradaky ygrarlylygymyz şeýle aksiýalar sebäpli hasam güýçlenýär" diýdi.

Terrorçylyga garşy göreşde egilşik edilmejekdigini ýene-de bir gezek nygtan Erdogan: “Ahlak we adamkärçilik taýdan hiç hili çägi bolmadyk bu hüjümleri guran oýnatgylar we olaryň arkasynda durýan güýçlere garşy göreşimizi erjellik bilen dowam etdireris" diýdi.

Türkiýäniň legal goranyş hukugyndan ähli ýerde peýdalanjakdygyna ünsi çeken Erdogan: “Jebisligimize, agzybirligimize, geljegimize garşy içerden we daşardan guralýan hüjümlere essesi bilen garşylyk görkezmek baradaky ygrarlylygymyz şeýle aksiýalar sebäpli hasam güýçlenýär. Türkiýäniň legal goranyş hukugyny elmydama, ähli ýerde we şertde peýdalanmakdan çetde durmajakdygynyň bilinmegini isleýärin. Azanymyz kesilmez, baýdagymyz düşmez" diýdi.



Degişli Habarlar