Wise-premýer Kurtulmuş partlama barada beýanat berdi

Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmuş Ankaradaky partlama bilen baglanşykly beýanat berdi

434692
Wise-premýer Kurtulmuş partlama barada beýanat berdi

Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmuş Ankarada bolan terrorçylykly hüjümiň arkasynda kimiň bardygyny iň gysga wagtda ýüze çykaryljakdygyny habar berdi.

Kurtulmuş Ankaradaky terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly: “28 raýatymyz ýogaldy, 61 adam ýaralandy" diýdi.

Paýtagtda guralan hüjüm bilen baglanşykly beýanat beren Kurtulmuş wakany derňemek üçin Respublikanyň Baş Prokurorynyň ýolbaşçylyk etmegindäki 7 adamdan ybarat toparyň bellenendigini we derňew işleriniň giňişleýin ýagdaýda başlanandygyny mälim etdi.

Hüjümiň bütin milleti nyşana alandygyny aýdan Numan Kurtulmuş: “Bu hüjümi gurnanlary ýazgarýarys. Hüjümiň kim tarapyndan gurnalandygy barada entek elimizde maglumat ýok. Iň gysga wagtda bu hüjümiň arkasynda kimiň, kimleriň bardygyny ýüze çykararys" diýip belledi.
Wise-premýer Kurtulmuş: “Raýatlarymyzdan bu uly hasaba garamazdan asuda bolmaklaryna garaşýarys" diýdi.



Degişli Habarlar