Ýene-de 4-i çaga bolan 9 bosgun ýogaldy

Halas ediş işlerinde şeýle hem 13 adam halas edildi

426711
Ýene-de 4-i çaga bolan 9 bosgun ýogaldy

Türkiýäniň Izmir welaýatynyň Seferihisar etrabynda bosgunlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 4-i çaga bolan 9 adam ýogaldy.

Düýn irden bolan wakadaky bosgunlar Gresiýanyň Samos adasyna gitmek isläpdiler. Gaýyk Türkiýäniň suw giňişliginiň çäklerinde batdy.

Kenarýaka howpsyzlyk gullugy Doganbeý Syjaksuw diýilen ýerdäki wakanyň bolan ýerine baranlarynda 1-i 9 aýlyk bäbek bolan 4 çaganyň ýogalandygyny gördüler.

Halas ediş işleriniň netijesinde şeýle hem 13 adam halas edildi.

Gaýykda näçe adamyň bolandygy entek bilinmesede, halas ediş işleri dowam edýär.



Degişli Habarlar