Dawutogly:”Russiýanyň serhet bozmalaryny gizlemegi mümkin däl”

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Russiýanyň howa giňişligini bozmalarynyň üstüni ýapyp bilmejekdigini aýtdy

426112
Dawutogly:”Russiýanyň serhet bozmalaryny gizlemegi mümkin däl”

Saud Arabystanynda saparda bolan Premýer ministr Şalygyň köşkünde metbugat ýygnagyny geçirdi.
Russiýanyň käbir howa giňişligini bozmalary barada durup geçen Dawutogly, indi dünýäde haýsydyr bir ýurduň izolirlenmeýändigini, haýsy ýerde howa giňişliginiň bozulyp bozulmanlygynyň çürt-kesgit kesgitlenip bilinýändigini nygtady.
Rus uçarynyň türk howa giňişligini bozandygyny nygtan Dawutogly, onuň hem NATO-nyň hem-de Türkiýäniň radarlary tarapyndan kesgitlenendigine ünsi çekdi. Türkiýäniň Russiýa bilen bar bolan dartgynlygy çuňlaşdyrmak pikirinde däldigini aýdan Dawutogly: “Türkiýe howa giňişligi goramaklyk boýunça degişli ünslüligi elmydama görkezer" diýdi.
Siriýada gyrgynçylyk edýän hökümetiň we barbarlarça jenaýatlar edýän DAEŞ-iň deň derejede günälidigini nygtan Premýer ministr Dawutogly: “Türkiýe Saud Arabystany bilen birlikde Siriýanyň parasatly oppozisiýasyny goldamaga dowam ederis" diýdi.
Dawutogly: “Russiýa ýene-de bir gezek duýduryş berýäris, hem Siriýadaky oppozision güýçlere, parasatly oppozisionerlere çekdirýän ýitgileri, hem-de türk howa giňişligine bolan hemleli çemeleşmesi Russiýa üçin bähbitli däldir" diýdi.
Dawutogly Türkiýäniň Siriýada elmydama parasatly oppozisionerleriň ýanynda, DAEŞ-iň, hökümetin we Siriýany basyp almaga dyrjaşýan daşary ýurt güýçlerinin garşysynda durmaga dowam etjekdigini aýtdy.
Saud arabystanly kärdeşleri ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk mehanizminiň başlangyç esaslary we mehanizmiň nähili işlejekdigi barada pikir alyşandyklaryny aýdan Dawutogly: “Enşalla şol çäkde soňky geňeşmeler bilen birlikde Şa Salmanyň aprel aýynda Türkiýä gurajak saparynyň dowamynda gol çekişiljek sepgide ýetdik" diýdi.
Dawutogly ykdysady taýdan bolsa dünýäde maýa goýýan 30-a golaý Saud Arabystan firmasy we maýadary bilen ikiçäk gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy.



Degişli Habarlar