Diýarbakyrda we Şyrnakda terrorçylar tarapyndan hüjüm guraldy

Hüjümlerde 3 esger şehit boldy

401912
 Diýarbakyrda we Şyrnakda terrorçylar tarapyndan hüjüm guraldy

Diýarbakyryň Sur etrabynda we Şyrnagyň Jizre etrabynda terrorçylar tarapyndan guralan hüjümlerde polisiýa gullugynyň 1 işgäri we 2 esger şehit boldy, 1-i agyr ýagdaýda 2 esger ýaralandy.
Birnäçe wagt bäri operasiýalaryň dowam edýän ýeri bolan Diýarbakyryň Sur etrabynda Kurşunly metjidiniň golaýynda terrorçylar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy.
Çaknyşykda metjidiň içindäki ýöriteleşdirilen polisiýa toparynyň işgäri ýaralandy.
Ýaralanan polisiýa işgäri Dijle uniwersitediniň Lukmançylyk fakultediniň hassahanasyna alynyp gidildi.
Ýaragly çaknyşykda ýaralanan polis işgärini ähli edilen tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy.
Polisiýa gullugynyň işgärleri terrorçylary tussag etmek üçin giň-gerimli operasiýa başlatdy.
Şyrnak welaýatynyň Jizre etrabynyň Nusaýbin köçesinde bolsa ulaglarynyň tekerlerini çalyşmaga giden 4 esgere terrorçylar tarapyndan uzyn nilli ýaraglar bilen od açyldy.
Hüjümiň netijesinde 2 starşina şehit boldy, 2 seržant bolsa ýaralandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar