Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen duşuşdy

Duşuşykda terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş meselesi seljerildi

396793
Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan Russiýa bilen başdan geçirilýän krizisiň diplomatiýa arkaly çözülmegini isleýändiklerini aýtdy.
BMG-nyň Howa çalşygy baradaky 21-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Fransiýanyň paýtagty Pariže giden Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen duşuşdy.
1 sagat dowam eden duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Prezident Erdogan, Obama bilen bolan duşuşygynda terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş hakynda pikir alyşandygyny nygtady.
Duşuşykda Russiýa bilen serhedi bozan rus harby uçarynyň türk F-16 kysymly uçarlary tarapyndan urlup düşürilmegi hakynda pikir alyşandygyny aýdan Erdogan “Sebitdäki dartgynlyklara gynanç bildirýäris. Krizis iki tarapa hem zeper ýetirer. Biz haýsydyr bir tarapyň ýitgi çekmegini islemeýäris, biz sebitiň parahatçylygyna goşant goşmak isleýäris” diýdi.
Prezident Erdogan duşuşykda Baýyr-Bujak türkmenleriniň ýagdaýy meselesiniň hem seljerlendigini aýtdy.
Erdogan “Baýyr-Bujak türkmenleriniň ýaşaýan sebitinde DAEŞ ýok. Ol ýerde biziň kowumdaşlarymyz we garyndaşlarymyz ýaşaýar. Türkmenleriň ýaşaýan ýerleriniň yzygiderli ýagdaýda bombalanmagy sebäpli soňky 3 aýda 500-den gowrak adam ýogaldy”diýip belledi.
Rus harby uçarynyň urlup düşürilmegi meselesinde “Türkiýäniň özüni goramak hukugyna goldaw berýäris” diýen ABŞ-niň Prezidenti Barak Obama “Türkiýe biziň üçin esasy hyzmatdaş. Türkiýe bilen Russiýanyň rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden soň birlikde nämeler edip biljekdigi hakynda pikir alyşdyk. Dartgynlygyň diplomatiýa arkaly çözülmegini isleýäris” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar