Erdogan bilen Putin howa giňişligi hakynda pikir alyşypdy

Kalyn Erdogan bilen Putiniň şuňa meňzeş wakalaryň indi gaýtalanmazly meselesinde ylalaşyk gazanandygyny ýatlatdy

395565
Erdogan bilen  Putin howa giňişligi hakynda pikir alyşypdy

Prezident diwanynyň İş dolandyryjysynyň orunbasary Ibrahim Kalyn Russiýanyň türk howa giňişligini birnäçe gezek bozandygyny we Antalýada geçirlen G-20-niň liderler maslahatynda Prezident R. T. Erdoganyň mesele hakynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen pikir alyşandygyny nygtady.
Kalyn türk howa giňişligine giren rus harby uçarynyň urlup düşürilmegi barada Amerikanyň arap dilinde ýaýlym berýän Huffington Post gazetine beýanat berdi.
Ibrahim Kalyn Erdogan bilen Putiniň şuňa meňzeş wakalaryň indi gaýtalanmazly meselesinde ylalaşyk gazanandygyny ýatlatdy we iki ýurduň arasyndaky taryhy gatnaşyklara laýyklykda uçar krizisiniň çözülip bilinjekdigine ünsi çekdi.
Russiýanyň Siriýadaky howa hüjümlerinde sowatly oppozisionerleriň nyşana alynmagyny tankyt eden İbrahim kalyn “Sowatly oppozisionerleriň nyşana alynmagy Asadyň we terror guramasy DAEŞ-iň işine ýaragar”diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar