"Türkiýäniň haýsydyr bir ýurda garşy asla duşmançylygy ýok"

Erdogan mugallymlaryň hormatyna agşam naharyny berdi

368480
"Türkiýäniň haýsydyr bir ýurda garşy asla duşmançylygy ýok"

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň haýsydyr bir ýurda garşy asla duşmançylygynyň ýokdygyny, diňe özüni goramak hukugyna her bir adamyň sarpa goýmalydygyny aýtdy.
Prezident Erdogan 24-nji noýabr mugallymlar güni mynasibetli Prezident kompleksinde mugallymlaryň hormatyna agşam naharyny berdi.
Prezident R. T. Erdogan naharda eden çykyşynda Türkiýäniň sabyrlylygy we parasatlylygy sebäpli Siriýada şu günki güne çenli şeýle uly pajygalaryň başdan geçirilmändigini belledi we “rus uçarynyň urlup düşürilmezligi üçin elimizden geleni etdik” diýip belledi.
“Baýyr Burjak türkmen obalarynda terror guramasy DAEŞ däl eýsem diňe türkmenler bar, kowumdaşlarymyz bar, hiç kim bizi ol ýerde DAEŞ bar diýip aldamaga synanşmasyn” diýen Prezident Erdogan “terror guramasy DAEŞ-i bombalaýarys” diýýänleriň Baýyr-Bujak türkmenlerini bombalaýandygyny belledi.
Erdogan Baýyr-Bujak türkmenleriniň diňe topraklaryny goramak isleýändigini başga hiç hili niýetleriniň ýokdygyny nygtady.
Erdogan “Baýyr-Bujak türkmenleri garyndaşlyk gatnaşyklary sebäpli edil Halapdaky, Homusdaky, Damaskdaky we Golandaky türkmenler ýaly biziň üçin aýratyn ýere eýedir. Asada tabynlykdaky güýçleriň we oňa goldaw berýän ýurtlaryň türkmenleri nyşana almagynyň sebäbini bilýäris. Siriýanyň hökümetini goldaw bermek maksady bilen DAEŞ-iň ýok ýerlerini bombalaýarlar. Türkiýe ähli terror guramalaryny ýok etmek üçin tutanýerli tutumyny dowam etdirer. Türkiýe hökmünde ol ýerde ýaşaýan doganlarymyza ozal bolşy ýaly mundan soň hem goldaw bermäge dowam ederis” diýip belledi.
Prezident Erdogan “Türkiýäniň tagallasyna goldaw bermän eýsem ony dökdemäge çalyşýan her bir adam Siriýada ýogalan bir günä 380 müň adamyň ganhorlaryndan biri hasaplanar”diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar