Wanda we Diýarbakyrda 3 howpsyzlyk gullukçysy şehit boldy

Sebitleriň ikisinde-de giň-gerimli operasiýa dowam edýär

365750
Wanda we Diýarbakyrda 3 howpsyzlyk gullukçysy şehit boldy

Diýarbakyryň Lije etrabynda ýolyň howpsyzlygyny üpjün etmäge barýan esgerleriň ulagynyň geçýän wagty terror guramasy tarapyndan ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bomba partladyldy.

Hyýanatçylykly hüjümde 2 esger şehit boldy.

Beýleki tarapdan bolsa Wan welaýatynyň Erjiş etrabynda howpsyzlyk güýçleri bilen aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşykda 1 ofiser şehit boldy, 3 esger bolsa ýaralandy.

Ýaralanan esgerler Wandaky hassahanalarda bejeriş astyna alyndy.

Sebitleriň ikisinde-de giň-gerimli operasiýa dowam edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar