"Demokratik syýsatda ýaragly gurama ýol berilmez"

Daşary işler ministri Feridun Sinirliogly demokratik syýasatda ýaragly gurama ýol berilip bilinmejekdigini aýtdy

363450
"Demokratik syýsatda ýaragly gurama ýol berilmez"

Ministr Sinirliogly Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Erbil şäherinde geçirilen “Ýakyn Gündogar geljegi” atly maslahatda sözlän sözünde, terrorçy guramanyň çözgüt etabyna degişli bolmagynyň mümkin däldigini aýtdy.
Çözgüt etabynyň ýagşy niýetler we tamalar bilen başandygyny, emma berilen sözlerde durulmandygyny nygtan Sinirliogly: “Biz Çözgüt etaby üçin yzgiderli ýagdaýda dialogy sakladyk. PKK-nyň berilen sözlere ähmiýet bermändigi ýüze çykdy” diýdi.
Çözgüt etabynyň bes edilmändigini, durgunlyk döwrüni başdan geçirýändigini gürrüň beren ministr Sinirliogly, hemmeleriň kabul etjek, göz başyny demokratiýadan alýan çözgüt usulynyň tapylmalydygyna ünsi çekdi.
Yrakda we Siriýada ornaşan DAEŞ-iň Türkiýe üçin howp emele getirýändigini nygtan Sinirliogly, ähli terror guramalarynyň ýok edilmegi üçin Türkiýäniň göreşini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Yragyň uly kynçylyklara sezewardygyny, onuň Türkiýäniň howpsyzlygyna we durnuklylygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny nygtan Feridun Sinirliogly: “Biziň degişli bolan hyzmatdaş güýçleriniň has netijeli göreş alyp barmagy möhüm” diýdi.
Daşary işler ministri Feridun Sinirliogly maslahatdan ozal Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Başlygy Mesut Brazani we Premýer ministr Neçirwan Barzani bilen geçiren duşuşyklarda sebitleýin meseleler barada pikir alyşdy.
PKK-nyň kürtlere wekilçilik etmeýänbdigini hem nygtan Sinirliogly: “PKK Türkiýede terrorçylykly aksiýalar guraýan terror guramasy. Türkiýede haýsydyr bir görnüşde kürtlere wekilçilik etmeýär” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar