"Türkiýe  esasy hyzmatdaşlarymyzdan biri bolmaga dowem eder"

Zwezdiç Türkiýe bilen Bosniýa-Gersogowinanyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi

363207
"Türkiýe  esasy hyzmatdaşlarymyzdan biri bolmaga dowem eder"

Bosniýa-Gersogowinanyň Premýer ministri Denis Zwizdiç ýurdunyň hakyky dosty bolan Türkiýäniň esasy hyzmatdaşlaryndan biri bolmaga dowam etjekdigini aýtdy.
Zwezdiç 1-nji noýabrda geçirlen parlament saýlawyndan soň Türkiýe bilen Bosniýa-Gersogowinanyň arasyndaky gatnaşyklar barada Anadoly Habarlar gullugyna beýanat berdi.
Saýlawdan soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyna ynanýandygyny aýdan Zwizdiç geçen aý Saraýewoda saparda bolan Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçiniň özlerini Türkiýä çagyrandygyny nygtady.
Türkiýäniň dünýäniň ykdysady taýdan güýçli ýurtlaryndan biridigini aýdan Zwizdiç “Türkiýe Bosniýa-Gersogowinanyň ÝB-ne we NATO agzalygyna hemişe güýçli goldaw berdi. Türkiýe täze döwürde hem esasy hyzmatdaşlarymyzdan biri bolmaga dowam eder”diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar