PKK-nyň ýaşlar guramasyna operasiýa guraldy
Operasiýada 12 adam göz tussaglygyna alyndy
406013
Gaziantep şäherinde terror guramasy PKK-nyň ýaşlar guramasyna guralan operasiýada 12 adam göz tussaglygyna alyndy.
Welaýat häkimligi tarapyndan berlen beýanata görä, PKK-nyň ýaşlar guramasyny emele getirýän we käbir hüjümlerine gatnaşandygy anyklanan adamlaryň göz tussaglygyna alynmagy üçin operasiýa guraldy.
Operasiýada 12 adam göz tussaglygyna alyndy.
Göz tussaglygyna alynanlaryň internet saýtlarynda terror guramasynyň propagandasyny alyp barandygy we gurama hakynda öwgüli sözler aýdandyklary we terror guramasynyň adyndan käbir hüjümlere gatnaşandyklary nygtaldy.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Moskwa Bardy
Numan Kurtulmuşyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.