Şu gün Türkiýe Respublikasynyň 92-nji ýyly

Prezident R.T. Erdogan we ýanyndaky wekiliýet ilki bilen Anytkabire barar

359928
Şu gün Türkiýe Respublikasynyň 92-nji ýyly

Türkiýe Respublikasynyň 92-nji ýyly mynasybetli Türkiýäniň öz içinde, DKTR-da we daşary ýurtlarda giňden bellenilip geçilýär.

Paýtagt Ankarada 29-nji oktýabr Respublika baýramy dabaralary Anytkabirde başlady.

Prezident R.T. Erdogan we ýanyndaky wekiliýet ilki bilen Anytkabire bardy.

Bu ýerdäki dabaradan soň Prezident Erdogan Prezident köşgünde gutlaglary kabul eder.

Mundan soň bolsa Atatürk medeniýet merkezinde dabaraly ýöriş geçiriler.

Prezident Erdogan Prezident köşgünde Türkiýäniň wagty bilen sagat 20:00-da Respublikanyň döredilmeginiň 92-nji ýyly mynasybetli resepsiýon gurar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar