Dawutogly: "Biz ynamy we durnuklylygy wada berýäris"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly ileri tutulýan meseläniň ýurtda demokratiýany, azatlyklary we durnuklylygy şol bir wagtda üpjün edip biljek syýasy şertleriň döredilmegidigini aýtdy

400791
Dawutogly: "Biz ynamy we durnuklylygy wada berýäris"

Stambulda guramaçylykly senagat zolaklarynyň ýolbaşçylary bilen ertirlik naharynda duşuşan Premýer ministr: “Biziň esasy wadamyz ynam we durnuklylyk” diýdi.
Dawutogly: “Milletimiziň goldawy bilen syýasy durnuklylygy üpjün edip bilsek, ykdysady durnuklylyk biziň işimiz. Ykdysadyýet bilen syýasatyň aýra düşen ýeri ýok. Syýasy durnuklylyk bar bolsa ykdysady durnuklylyk we meýilleşdiriş mümkin bolar. Emma syýasy haosa, onda-da howpsyzlyk haosyna, -sebitimizdäki oda tutaşan ýurtlarda görülşi ýaly- düşen halatyňyzda ykdysady durmuşyň dowam etmegi mümkin däl” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar