Erdogan Al-Suud we Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Söhbetdeşlikde Siriýadaky soňky wakalar we sebitleýin meseleler barasynda pikir alyşyldy

397303
Erdogan Al-Suud we Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdülaziz Al Suud we Kataryň Emiri Şeýh Temim Bin Hamed Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşlikde Siriýadaky soňky wakalar we sebitleýin meseleler barasynda pikir alyşyldy.

Liderleriň 3-si hem Siriýadaky wakalara alada bildirýändiklerini bellediler.

Prezident Erdogan söhbetdeşlikde Halap şäherine we onuň töweregine guralýan hüjümleriň täze bosgun akymyna sebäp bolup biljekdigine ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar