"Türkiýe Siriýanyň halkynyň razy bolmadyk çözgüdini kabul etmez"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Türkiýäniň Siriýanyň halkynyň razy bolmadyk çözgüdini kabul etmejekdigini ýene-de bir gezek nygtady

395373
"Türkiýe Siriýanyň halkynyň razy bolmadyk çözgüdini kabul etmez"

Dawutogly saýlaw kampaniýasynyň çäginde Wan welaýatyna gidişin uçarda žurnalistleriň “Siriýada geçiş döwri” alternatiwleri baradaky soraglaryna jogap berdi.
Siriýada meseläniň “Asadly geçiş däl, eýsem Asadyň gidiş ýoly” bolandygyny aýdan Dawutogly, Türkiýäniň bu meselä bolan garaýyşynyň başyndan bäri konkretdigini aýtdy.
“Siriýada halkyň kabul etmedik çözgüdini kabul etmeris” diýen Dawutogly: “Şondan daşgary haýsydyr bir geçiş ýoluny tassyklamaýarys. Emma birnäçe ýol ýapyk gapylaryň aňyrsynda maslahatlaşylar, gün tertibine getiriler. Döwletler biri-birine dürli teklikleri hödürläp bilerler” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar