Erdogan hüjümde ýogalanlaryň hormatyna gül desselerini goýdy

Iki kärdeş hüjümde ýogalanlaryň hormatyna partlamalaryň bolan ýerlerine gül desselerini goýdy

392330
Erdogan hüjümde ýogalanlaryň hormatyna gül desselerini goýdy

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Finlandiýanyň Prezidenti Sauli Niinisto bilen birlikde Ankarada otly bekediniň öňünde guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň hormatyna gül desselerini goýdy.
Ir ertir otly bekedine giden Prezident Erdogan aýaly Emine Erdogan bilen birlikde Finlandiýaly kärdeşini garşylady.
Iki kärdeş hüjümde ýogalanlaryň hormatyna partlamalaryň bolan ýerlerine gül desselerini goýdy.
Iki partlamanyň bolan ýerinde hormatly dymyşlyk eden Erdogan üçin berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.
Partlamalaryň bolan ýerinde barlag geçiren Prezident Erdogan gysga hatyralama çäresinden soň myhman kärdeşini ugratdy.
Prezident R. T. Erdogandan soň Içeri işler ministri Selami Altybok hem otly bekedine baryp hüjümde ýogalanlaryň hormatyna gül desselerini goýdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar