PKK-a agza 10 terrorçy öldürildi

Hakkari welaýatynda aýralykçy terror guramasyna agza 10 terrorçy öldürildi

351118
PKK-a agza 10 terrorçy öldürildi

Hakkari welaýatynyň Aktütün etrabynda aýralykçy terror guramasyna agza 10 terrorçy öldürildi.
Türkiýäniň ýaragly güýçleri tarapyndan berlen beýanatda Aktütündäki harby baza hüjüm etmäge synanşan terrorçylardan 10-nyň öldürlendigi nygtaldy.
Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda hem köçä çykmak gadagançylygyna garamazdan 2 adamy öldüren terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýalarda 21 terrorçynyň öldürlendigi, 3 terrorçynyň hem tussag edilendigi habar berildi.
Operasiýalarda 2 müň 800 kilogram partlaýjy maddanyň ele geçirlendigi we ýok edilendigi nygtaldy.
Beýleki tarapdan Wan welaýatynyň Başkale etrabynda terrorçylar tarapyndan polis merkezine guralan hüjümde 7 esger, 1 sakçy bilen 1 adam ýaralandy.
Diýarbakyryň Bismil etrabynda bolan çaknyşykda 4 terrorçy öldürildi.
Batman welaýatynda bolsa 4 terrorçy ýaraly ýagdaýda ele salyndy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar