Balykseirde 45 bosgun tussag edildi

Heläkçiliklere garamazdan bosgunlaryň umyda bolan ýolagçylyklary dowam edýär

388890
Balykseirde 45 bosgun tussag edildi

Türkiýäniň Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etrabynda bikanun ýollar bilen Gresiýa gitmek islän 45 bosgun tussag edildi.

Gresiýanyň Lesbos adasyna gitmek islän bosgunlaryň arasynda çagalar we zenanlar hem bar.

Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri Aýwalyk etrabynyň Güneş adasynyň golaýynda tussag eden bosgunlary Aýwalygyň Içeri işler ministrliginiň Daşary ýurtly raýatlar bölümine ugratdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar