Terrorçylar esgerleri we polisleri nyşana aldy

Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynda PKK-ly terrorçylar şol bir wagtda 4 aýry ýere hüjüm guradylar

392013
Terrorçylar esgerleri we polisleri nyşana aldy

Terrorçylar Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynda Žandarma güýçlerine, Etrabyň polisiýa bölümine, Aýwalykdaky we Taşrarasyndaky polisiýa bölümlerine şol bir wagtda hüjüm guradylar.
Roketalar we uzyn nilli ýaraglar bilen guralan hüjümde 2 esger şehit boldy.
Hyýanatçylykly hüjümde 6 polis, 8 esger we 1 goragçy ýaralandy.
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanata görä sebitde dowam edýän operasiýada 34 terrorçy öldürildi.
Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynyň Bagok Dagy diýilen ýerde ýerleşýän Gürin Žandarma merkezine rokatalar we uzyn nilli ýaraglar bilen hüjüm guraldy. Hüjümde 2 esger ýaralandy.
Beýleki tarapdan Türkiýäniň harby uçarlary Yragyň demirgazygyndaky Sinat-Haftanin sebitini nyşana alyp guran hüjüminde PKK degişli gaçypatalgalar we logistiki ammarlar ýok edildi.
Uçarmansyz howa ulagynyň we beýleki razwedka çeşmelerinden alynan maglumatlardan soň guralan hüjümde gaçypatalgalardaky köp sanda ok-däriler ýok edildi. Gaçypatalgadaky ok-däri sebäpli partlamalar takmynan 40 minut dowam etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar