Erdogan raýatlary Ýenikapydaky mitinge çagyrdy

Türkiýäniň Prezident R.T. Erdogan raýatlary Stambulda geçiriljek “Millionlarça adam terrora garşy bir ses” atly mitinge çagyrdy

351764
Erdogan raýatlary Ýenikapydaky mitinge çagyrdy

Prezident Erdogan ýekşenbe güni Stambulyň Ýenikapy meýdançasynda geçiriljek mitinge jemgyýetçilik saýty bolan Twitteriň üsti bilen çagyrdy.

Erdogan Twitter hasabyndan “Ähli raýatlary bir bolmaga, terrora garşy bir ses bolmaga, Ýenikapy meýdançasyna çagyrýaryn” diýip ýazdy.

Prezıdent Erdogan miting bilen baglanşykly afişany hem hasabyndan paýlaşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar