Dawutogly Abada telefon etdi

Dawutogly Abada zamun alynan 18 türküň tapylmagy üçin edýän tagallasy sebäpli öz minnetdarlygyny bildirdi

342713
Dawutogly Abada telefon etdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abada telefon edip zamun alynan 18 türküň tapylmagy üçin edýän tagallasy sebäpli öz minnetdarlygyny bildirdi.
Türkiýäniň, Yragyň terror guramasy DAEŞ-den halas edilmegi üçin ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny aýdan Dawutogly, zamun alynanlaryň diňe maşgalalarynyň gün-güzerany üçin däl eýsem şol bir wagtda Yragyň ykdysadyýetine goşant goşmak üçin Yrakda işleýändigini nygtady.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly DAEŞ-e garşy hyzmatdaş güýçleri bilen birlikde guraýan operasiýalarynyň dowam edýändigini sözleriniň üstüne goşdy.
Yragyň Premýer ministri Abadi hem Yrakdan Türkiýä garşy haýsydyr bir hüjümiň guralmagyna asla rugsat bermejekdiklerini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar