Ýokary saýlaw geňeşi saýlaw taýarlyklaryna başlady

Saýlawyň 1-nji noýabrda geçirilmegi göz öňünde tutulýar

335206
Ýokary saýlaw geňeşi saýlaw taýarlyklaryna başlady

Ýokary saýlaw geňeşi saýlawyň 1-nji noýabrda geçirilmegini göz öňünde tutýan saýlaw kalendary baradaky taslamany syýasy partiýalara hödürledi.
Hökümetiň gurulmagy üçin Konstitutsiýada berlen 45 günlük möhlediň dolmagyna sanlyja gün galanda irki saýlaw ähtimallygynyň güýçlenmegi sebäpli Ýokary saýlaw geňeşi taýarlyklarynyň depginini güýçlendirdi.
Şol çäkde umumy saýlaw kanunyndaky 90 günlük möhledi çäklendirmek ygtyýaryna eýe bolan Ýokary saýlaw geňeşi, möhletinden irki saýlawyň geçirilmegi barada karar kabul edilen halatynda taýarlyklaryny 60 günde tamamlajak ýörite saýlaw kalendaryny syýasy partiýalara hödürledi.
Saýlawyň 1-nji noýabrda geçirilmegi meýilleşdirlen kalendarda dalaşgärleriň ýüz tutma möhledi ýaly käbir ugurlaryň möhledi gysgaldyldy.
Syýasy partiýalar taslamany ara alyp maslahatlaşandan soň garaýyşlary hakynda Ýokary saýlaw geňeşine maglumat berer.
Ýokary saýlaw geňeşi hem syýasy partiýalaryň garaýyşlaryna laýyklykda saýlawyň anyk geçiriljek wagtyny kesgitlär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar