Terrorçylar polis merkezini nyşana aldy

Bombaly hüjümde 1 polis şehit boldy

320649
Terrorçylar polis merkezini nyşana aldy

Stambulyň Sultanbeýli etrabynda polis merkeziniň golaýynda bomba ýüklenen ulag ýaryldy.
Terrorçylar tarapyndan guralan bombaly hüjümde 1 polis şehit boldy.
Gijäniň bir wagty polis merkezine hüjüm eden terrorçylar howpsyzlyk güýçlerine garşy ot açdy.
İr ertire çenli dowam eden çaknyşykda 3 terrorçy öldürildi, asuda ilatdan 1 adam hem ýaralandy.
Beýleki tarapyndan İstinýe etrabynda ýereşýän ABŞ-nyň Baş konsullygy hem nyşana alyndy.
Baş konsullyga hüjüm eden ýaragly 2 terrorçydan biri tussag edildi.
Polis zenan terrorçynyň tussag edilendigini habar berdi.
Ýaragly hüjümden soň Baş konsullygyň ýerleşýän etrapçasynda berk howpsyzlyk çäresi görüldi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar