Şyrnakda 3 esger şehit boldy

Türkiýäniň Şyrnak welaýatynda harby ulaga guralan hüjümde 2 esger ýogaldy, 1 esger we obanyň 1 sakçysy ýaralandy

315323
Şyrnakda 3 esger şehit boldy

Welaýat merkezine degişli Araköý obasynyň golaýynda terror guramasy PKK-nyň ýola ýerleşdiren bombasy harby ulagyň geçýän wagty partladyldy.
Partlamadan soň roketalar we uzyn nilli ýaraglar bilen hüjüm guran terrorçylar, ulagdaky 2 esgeri şehit etdi, 1 esgeri we obanyň 1 sakçysyny ýaralady.
Hüjümden soň gaçan terrorçylaryň tussag edilmegi üçin sebite howa ulaglaryň goldawy bermeginde operasiýa başladyldy.
Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabyndaky Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli harby bazanyň gözegçilik merkezine PKK-a agza terrorçylaryň roketalar bilen guran hüjüminde 1 esger ýogaldy, 1 esger bolsa ýaralandy.
Prezident R.T. Erdogan Şyrnak welaýatynda şehit bolan esgerleriň ýakynlaryna çuňňur gynanjyny bildirdi, ejir çekýänlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Beýleki tarapdan Hakkari welaýatynda 3 zolak 15 gün möhlet bilen ýörite howpsyzlyk zolagy hökmünde yglan edildi.
Gubernatorlyk tarapyndan berilen beýanata görä ol zolaklara asuda ilatyň girmegi we çykmagy gadagan edildi.
Kars welaýatynň gubernatorlygy hem harby operasiýalar sebäpli asuda ilata zeper ýetmezlik üçin käbir zolaklaryň 15 gün möhlet bilen “Wagtlaýyn ýörite howpsyzlyk zolagy” hökmünde yglan edendigini mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar