Premýer ministr Kataryň Goranmak ministrini kabul etdi

Kabul edilşikde DAEŞ-e garşy alnyp barylýan göreş meselesi seljerildi

310712
Premýer ministr Kataryň Goranmak ministrini kabul etdi

Kataryň Goranmak ministri Türkiýä geldi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly Kataryň Goranmak ministrini kabul etdi
Kabul edilşige Milli Goramak ministri Wejdi Gönül hem gatnaşdy.
30 minut dowam eden kabul edilşikde Yrakda we Siriýada başdan geçirilýän wakalar bilen terror guramasy DAEŞ-e garşy alnyp barylýan göreş meselesi seljerildi.
Kabul edilşikde şeýle hem iki ýurduň goranyş taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi meselesinde ýaňy ýakynda ylalaşyk gazanylan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň agşamara hem Krym tatarlaryny kabul etmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar