Erdogan Hytaýda resmi saparda bolýar

Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň Hytaýa guraýan resmi sapary dowam edýär

308572
Erdogan Hytaýda resmi saparda bolýar

Erdogan Hytaýyň Yslam jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy.
Erdogan wekilleriň Hytaýda 35 müň metjidiň, 40 müň din işgäriniň bardygyny aýdandygyny habar berdi.
Prezident Erdogan mundan soň, Hytaý Halk respunblikasynyň ýolbaşçysy Şi Sinping bilen Türk-Hytaý Işewür adamlaryň forumyna gatnaşdy.
Forumda çykyş eden Prezident R.T. Erdogan iki ýurduň arasyndaky daşary söwda ýetmezçiligine ünsleri çekip, “Hytaýyň Türkiýede goýjak maýalarynyň ol ýetmezçiligiň üstüni ýetirmeginde örän uly ähmiýeti bar” diýdi.
Iki ýurduň işewür adamlary mümkinçilikleri bilelikde ýerine ýetirmelidigini nygtan Erdogan iki ýurduň arasynda ediljek söwdanyň döwletleriň öz walýutalarynda edilmelidigini belledi.
R.T. Erogan Hytýyň iňlis dilinde ýaýlym berýän CCTV kanalynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary barada durup geçdi.
Türkiýäniň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň wajypdygyna ünsi çeken Erdogan: “Biz bu ýere Hytaý bilen Türkiýe arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 45 ýyllygy mynasybetli örän ähmiýetli ädimleriň edilmegi üçin geldik” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar