Erdoganyň koalisiýa hökümeti baradaky beýanaty

Erdogan Türkiýäniň möhüm kararlary kabul edip biljek we olary gyşarnyksyz berjaý etjek koalisiýa hökümetiniň gurulmalydygyny aýtdy

380079
Erdoganyň koalisiýa hökümeti baradaky beýanaty

Prezident Erdogan “Konstitutsiýada maňa berilen ygtyýarlara laýyklykda bu tapgyry ýeňilleşdirmek üçin elimden geleni ederin” diýdi.
Prezident R.T.Erdogan Stambulda “Tüm Sanaýiji we İşadamlary” jemgyýeti TÜMSİAD-yň agzaçaryna agtnaşdy.
Erdogan ol ýerde sözlän sözünde: “Biri-birleri bilen çekeleşikli bolan partiýalaryň koalisiýasy Türkiýä peýda däl, eýsem zyýan ýetirer. Halkyn wagtyň ýitirilmegine razy bolmaz” diýdi.
Erdogan, koalisiýa gepleşikleriniň dowamynda dünýäniň iň uly howa menzili bilen birlikde Türkiýäniň ägirt uly taslamalarynyň bes edilmegi baradaky diskussiýlara hem rugsat bermejekdigini aýtdy.
Prezident Erdogan: “Türžiýäniň ägirt uly taslamalaryny bes etmek bilen başlajak koalisiýa gepleşikleriniň öňünde ilki bilen men duraryn” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar