"Türkiýe Siriýaly bosgunlar meselesinde ýalňyz galmaly däl"

Çaknyşyklar sebäpli 25 müňe golaý bosgun Türkiýä geldi

319919
"Türkiýe Siriýaly bosgunlar meselesinde ýalňyz galmaly däl"

BMG-nyň Baş sekretarynyň syýasy işlerden jogapkär orunbasary Feltman Siriýaly bosgunlar meselesinde Türkiýäniň ýalňyz goýulmaly däldigini belledi.
Feltman BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Siriýadaky soňky ýagdaý barada beren beýanatynda Tal Abýatda terror guramasy DAEŞ bilen beýleki toparlaryň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli Türkiýä täze bosgunlaryň gelip biljekdigini aýtdy.
Çaknyşyklar sebäpli 25 müňe golaý bosgunyň Türkiýä gelendigini aýdan Feltman, şolardan diňe 2 müňiniň Siriýa yzyna dolanandygyny nygtady.
Türkiýäni bosgunlar meselesinde halkara derejesinde ýalňyz goýmagyň dogry bolmandygyny aýdan Feltman “Türkiýäniň Siriýaly bosgunlar meselesinde ýekelikde göreşmäge dowam etmegine garaşmak mümkin däl” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar