Mahinur Özdemire goldaw aksiýasy geçirildi

1915-nji ýylda başdan geçirilen wakalaryn Ýewropada syýasy serişde hökmünde peýdalanylmagy türk jemgyýetini biynjalyk edýär

301053
Mahinur Özdemire goldaw aksiýasy geçirildi

Soňky gezek Brýusseliň sebitleýin halk deputaty Mahinur Özdemiriň partiýasynyň hataryndan çykarylmağy uly garşylyk döretdi.
Belgiýanyň mejlisiniň agzasy Mahinur Özdemir 1915-nji ýylda başdan geçirilen wakalar bilen bagly tezisleri ret edendigi sebäpli partiýasynyň hataryndan çykarylmagyndan soň TRT-ä beýanat berdi.
1915-nji ýylda başdan geçirilen wakalar bilen bagly tezisleri ret etmeginiň bahana hökmünde ulanylandygyny nygtan Özdemir: “Partiýa başga zatlaryň arkasyna bukulyp, meni gurban etdi” diýdi.
Partiýanyň başlygynyň pikir azatlygy barasyndaky çemeleşmesiniň uly garşylyk döredendigini nygtan Özdemir: “Mundan beýläk wezipämi garaşsyz dowam etdirmekçi. Öňümizdäki 4 ýylyň dowamynda ähli brýussellileriň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin işlärin” diýdi.
Beýleki tarapdan Belgiýanyň halk deputaty Mahinur Özdemiriň 1915-nji ýylda başdan geçirilen wakalary genosid hökünde kabul etmändigi üçin partiýasynyň hataryndan çykarylmagy Stambulda protest edildi.
Belgiýanyň Başkonsullygynyň öňünde geçirilen aksiýa Prezident R.T.Erdoganyň gyzy Sümeýýe Erdogan hem gatnaşdy.
Sümeýýe Erdogan metbugata berilen beýanatdan son Belgiýanyň Stambuldaky Başkonsuly Henri Wanrtiegem bilen duşuşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar