Türk raýatlary ýene-de 6 ýurtda ses bermäge başlady

Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlary 7-nji iýunda geçiriljek halk deputatlygy saýlawy üçin ses bermäge başlady

296762
Türk raýatlary ýene-de 6 ýurtda ses bermäge başlady

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlary ýene-de 6 ýurtda ses bermäge başlady.
Bolgariýada, Gollandiýada, İtaliýada, Kanadada, Saud Arabystanynda we Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlary 7-nji iýunda geçiriljek halk deputatlygy saýlawy üçin ses bermäge başlady.
Birleşen Arap Emirliklerinde, Bosniýa-Gersogowinada, Alžirde, Ysraýylda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Makedoniýada, Russiýada we Gresiýada ýaşaýan türk raýatlary hem şenbe güni ses berer.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkler 31-nji maýa çenli ses bermäge dowam eder.
Ýokary saýlaw geňeşi 7-nji iýunda geçiriljek saýlawlar üçin 54 ýurtdaky 112 wekilhanasynda saýlaw merkezini açypdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar