Erdogan Nýu Ýork Taýms gazetine garşylyk görkezdi

“Biziň halk bilen döwletiň arasyndaky arabaglanşygy güýçlendirmegimiz käbir töwerekleri biynjalyk edýär”

289297
Erdogan Nýu Ýork Taýms gazetine garşylyk görkezdi

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-da çap edilýän Nýu Ýork Taýms gazetiniň Türkiýäniň içerki işleri barada ýörite habar çap edendigini aýtdy we berk barşylyk görkezdi.
Erdogan Stambulda geçirlen “Prezidentlik ulgamyna geçen ýurtlar we Türkiýe üçin Prezidentlik ulgamynyň esaslary” temaly panelde eden çykyşynda ady agzalýan gazedi Türkiýe hakynda ýalan habar çap edendigi üçin berk tankyt etdi.
Prezident Erdogan şol gazetiň heddini aşandygyny nygtady.
Prezident Erdogan “Biziň halk bilen döwletiň arasyndaky arabaglanşygy güýçlendirmegimiz käbir töwerekleri biynjalyk edýär” diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar