Prezident R.T.Erdogan Kuweýde bardy

Prezident Erdogan düýn agşam ara Kuweýtde Emir Şeýh Sabah Al Ahmet Al Jabir Al Sabah tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

252584
Prezident R.T.Erdogan Kuweýde bardy

Erdogan saparynyň ikinji gününde Kuweýtde köp sanly duşuşyk geçirer.
Prezident R.T.Erdogan ilki kuweýtli işewür adamlary bilen ertirlik naharynda duşuşdy.
Soň bolsa ikiçäk duşuşyklar geçiriler. Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin meselelere-de garalar.
Ýemeniň we Siriýanyň başda durmagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşylar.
Soň bolsa iki ýurduň wekiliýetiniň arasynda toparara gepleşikler geçiriler.
Gepleşikler arkaly sebitleýin meselelerdäki utgaşyklyklygyň güýçlendirilmegi maksat edinilýär.
Taraplar şeýlede söwda, potratçylyk hyzmatlary we goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürip, has-da ýaýbaňlandyrylmagynyň şertlerini seljererler.
Prezident Erdogan agşamara Türkiýä gaýdyp geler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar