Prezident Erdogan soraglara jogap berdi

Prezident R.T.Erdogan 1915-nji ýyldaky wakalaryň dowamynda 1,4 million ermeniniň öldürilendigini aýdýanlaryň ony delillendirmelidigini aýtdy

252083
Prezident Erdogan soraglara jogap berdi

Erdogan resmi sapar bilen Katara gitmezinden ozal paýtagt Ankaranyň Esenboga howa menzilinde žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutuluýan ugurlary baradaky soraglaryna jogap berdi.
Russiýanyň we Fransiýanyň Prezidentleriniň 24-nji aprelde Ermenistanyň paýtagaty Ýerewanda geçirilen 1915-nji ýyldaky wakalary hatyralama çäresi gatnaşandyklary ýatladylanda Erdogan rus liderinden göwnüniň galandygyny aýtdy.
Erdogan: “Russiýa ilki bilen öz taryhyny seljermeli. Beýle uzaga gitmek gerek däl. Ukraina, Krym, Donetsk göz öňünde. Şolaryň hasabyny bersin. Türkiýe hiç haçan genosid etmedi. Arhiwlerimizi açmaga taýardygymyzy näçe gezek gaýtaladyk. Ermenistan hem 3-nji taraplaram açsynlar. Biz 24-nji aprelde Çanakgalada geçirilen çärelerde Ermenistana garşy hüjüm meýilnamasyny taýarlamadyk, Çanakgala ýeňişiniň 100-nji ýylynda şehitlerimizi hatyraladyk” diýdi.
Fransiýada 200-250 müňden gowrak fransuz raýaty jemi 600 mün türküň ýaşaýandygyna ünsi çeken Prezident Erdogan: “Şolara üns bermän hereket eden Olland ýalňyşdy” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar